Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň işine nägilelik bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň işine nägilelik bildirdi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygyny ösdürmek boýunça şu gün geçiren iş maslahatynda obasenagat toplumy boýunça Esenmyrat Orazgeldiýewe wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Şeýle hem oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Magtymguly Baýramdurdyýewe wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Güýzgeldi Baýjanowa käýinç yglan etdi.Belläp geçsek, iş maslahatynyň barşynda oba hojalyk pudagynyň 2020-nji ýyl boýunça jemleri jemlenildi.

Döwlet Baştutany bu ugurdaky işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirdi we ýolbaşçylara degişli görkezmeleri berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Prezident söwda toplumyna we oba hojalygy pudagyna gözegçilik edýän iki orunbasaryny işden boşatdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümini Türkmenistanlyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglady
Gündogar - inçe syrlarynyň dünýäsi atly dabaraly konserti
Aşgabat we London işewürlik gatnaşyklarynyň berkidilmegini maslahatlaşdylar