Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler.

Golaýda geçirilen Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň ýigriminji maslahatynda kabul edilen kanunlaryň Halk Maslahatynyň garamagyna hödürleniljekdigi, döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň taslamasy boýunça deňeşdirme-seljerme işleriniň geçirilýändigi hem-de taslamanyň deslapdan ara alnyp maslahatlaşylýandygy barada hem aýdyldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisde wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, şol sanda geçirilen çäreler, öňde boljak halkara çärelere, baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, toplumlarda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, baýramçylyk dabaralary bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde birnäçe resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna hem garaldy. Döwlet Baştutany olara gol çekip, sanly ulgam arkaly degişli ýolbaşçylara ugratdy hem-de olary ýerine ýetirmek bilen baglylykda anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýekşenbe güni 13-nji noýabrda Türkmenistanda Hasyl toýunyň giňden we dabaraly belleniljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylary we Türkmenistanyň ähli halkyny Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlap, oba zähmetkeşlerine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we ýurtda azyk bolçulygyny berkitmek ugrunda alyp barýan tutanýerli işlerinde geljekde hem täze üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi
Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi
AHAL WELAÝATYNYŇ TÄZE, DÖWREBAP EDARA EDIŞ MERKEZINIŇ BIRINJI TAPGYRYNYŇ TAMAMLANMAGYNA DEGIŞLI WEZIPELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Serdar Berdimuhamedow giňişleýin Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi