Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Düýn 9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak boýunça degişli işler dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli işledilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, kadaly gögeriş alynýar. Şeýle hem welaýatda pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak ugrunda zerur tagallalar edilýär. Pagtaçy daýhanlar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Arkadag şäherinde binalary we desgalary gurmak hakynda Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu Kararda bellenen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam etmek bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurdumyzda geçirilýän özgertmelere goşýan goşandyny has-da artdyrjakdygyny, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna uly itergi berjekdigini belläp, degişli Karara gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini tabşyrdy