Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň beren hasabatynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitlerde bugdaý ekişi guramaçylykly dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan, gurallaryndan netijeli peýdalanylýar.Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar we kadaly gögeriş alynýar. Şeýle hem pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak ugrunda degişli işler ýerine ýetirilýär.

Hususan-da, pagta hasylyny kombaýnlar bilen ýygnap almak üçin gowaçalaryň ýapragy düşürilýär.Pagtaçy daýhanlar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.Welaýatlardaky umumybilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, oba saglyk öýleriniň we merkezleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary gyşa talabalaýyk taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň gysga wagtda we ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny berk gözegçilikde saklamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ýetişdirilen hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Ýene degişli makalalar

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini tabşyrdy