Türkmenistanyň prezidenti “sanly ykdysadyýete” geçiş depgininiň haýallygyny tankytlady

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Minisrler kabinetiniň 2019-njy ýylyň üç aýynyň netijelerine bagyşlanan mejlisinde ykdysadyýet boýunça wise-premýer Goçmyrat Myradowy tankytlady.

Döwlet baştutanynyň pikiriçe, maliýe-ykdysady toplumyň edaralary tarapyndan milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmekde haýal-ýagallyga ýol berilýär, bu işleri welaýatlarda we etraplarda ýerine ýetirmegiň anyk maksatnamasy ýok.

Şunuň bilen baglylykda Berdimuhamedow ykdysadyýet boýunça wise-premýer Goçmyrat Myradowa we ylym, bilim, saglyk we sport boýunça wise-premýer Pürli Agamyradowa bilelikde, ähli derejedäki ýolbaşçylara sanly ulgamy öwretmek boýunça ýörite okuwlary guramagy, sanly ykdysadyýete geçmek planlary nukdaý nazaryndan ýurduň ÝOJ-lary we orta mekdepleri üçin mugallymlary gaýtadan taýýarlamagyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Ýatladýarys, prezident Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň aýagynda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdümek Konsepsiýasyny tassyklady.

Sanly ykdysadyýete geçmegiň anyk plany çap edilmedi.Döwlet habar serişdeleriniň maglumatyna görä, geçiş üç tapgyrda amala aşyrylar. 2019-njy ýylda ykdysadyýeti gaýtadan özgertmäge taýýarlanmak boýunça çäreler planyny işläp düzmek bellenildi.

Ikinji we üçünji tapgyrda nazarda tutulýan işler degişlilikde 2020-2023 we 2024-2025-nji ýyllarda amala aşyrylar.bu ýyllarda nähili çäreleri görmek planlaşdyrylýar, bu entäk mälim däl.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow rektorlara “durmuşyň hilini gowulandyrmak” boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy
Berdimuhamedow ÝOJ-laryň rektorlaryna ýurtdaky durmuşy gowulandyrmak üçin programma taýýarlamagy buýurdy
07.02.2020 | Resmi habarlar
Resmi habarlar
Berdimuhamedow ogluny ministr belledi, orunbasarlaryny täzeledi we käýinç paýlady
Türkmenistanyň Prezidenti Çalsana, bagşy! bäsleşigine gatnaşyjylary gutlady