Türkmenistanyň Prezidenti Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň oba hojalygyny ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow suw hojalygy pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirdi hem-de suw gorlaryny aýawly saklamagyň we peýdalanmagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Munuň özi obasenagat toplumyny sazlaşykly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň wezipelerini çözmek bilen gös-göni baglydyr.

Döwlet Baştutany ekinleri suw bilen zerur möçberde üpjün etmek boýunça wezipeler ýerine ýetirilende, satyn alynýan kuwwatly tehnikalary netijeli ulanmagyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pudagyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milletiň Lideri degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Baýjanow Güýzgeldä käýinç yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Gündogar - inçe syrlarynyň dünýäsi atly dabaraly konserti
Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň işine nägilelik bildirdi
Aşgabat we London işewürlik gatnaşyklarynyň berkidilmegini maslahatlaşdylar
Türkmenistan suw hojalyk ulgamynda täze “Case” tehnologiýalaryna gyzyklanma bildirýär
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Resmi habar