Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň wise-prezidentini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň wise-prezidentini kabul etdi

Aşgabada sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýilmazy şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kabul etdi.

Anadolu habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, J.Ýilmaz Türkmenistanyň Prezidentine türkiýeli kärdeşi Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda köp asyrlyk türkmen-türk dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän işler barada pikir alşyldy.

Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda we ykdysady pudakda hyzmatdaşlygyň geljegini, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda mukdaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilen özara maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkiýäniň wise-prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.

Aşgabatdaky saparynyň çäginde Ýilmazyň Hökümetara Türkmen-Türk Ykdysady hyzmatdaşlyk toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşjakdygyny bellemelidiris. Şu gün ol Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýadygärligine gül dessesini goýdy.

Ýene degişli makalalar

Ärdogan Bagdatda Yragyň Prezidenti bilen duşuşdy
Ärdogan täze ýolbaşçylary wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşar
Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar
Ärdogan kasam kabul etdi
Ärdogan Türkiýäniň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy