Türkmenistanyň talyplary IMC-2026 halkara matematika olimpiadasynda 6 altyn we 3 kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň talyplary IMC-2026 halkara matematika olimpiadasynda 6 altyn we 3 kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň talyplary 27-nji iýuldan 3-nji awgust aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen IMC-2026 33-nji Halkara matematika olimpiadasynda uly üstünlik gazandy.Olimpiada London Uniwersitet Kolleji (Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy) bilen Bolgariýadaky Amerikan Uniwersiteti tarapyndan bilelikde guraldy.

Abraýly bäsleşikde Türkmenistanyň wekilleri ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, matematika boýunça ýokary taýýarlygyny görkezdi.Netijede, milli ýygyndymyz jemi 9 medal 6 altyn we 3 kümüş medala mynasyp boldy.Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary girdi.

Olimpiada iňlis dilinde iki tapgyrda geçirildi.Her tapgyrda gatnaşyjylara çylşyrymlylygy ýokary bolan 5 mesele hödürlenildi.Bäsleşigiň ýumuşlary matematiki seljerme, çyzykly we abstrakt algebra, funksional seljerme, seljeriş geometriýa, kombinatorika hem-de sanlar nazaryýeti ýaly ugurlary öz içine aldy.

Türkmenistanyň talyplarynyň IMC-2026 halkara olimpiadasynda gazanan üstünligi ýaş nesliň ýokary intellektual mümkinçiligini, geljekki hünärmenleriň berk taýýarlygyny hem-de milli bilim ulgamynyň ýokary derejesini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.IMC (International Mathematics Competition for University Students) olimpiadasy 1994-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär we her ýyl dünýäniň onlarça döwletinden ýüzlerçe zehinli talyby birleşdirýän iň abraýly halkara matematika bäsleşikleriniň biridir. Şu ýylky olimpiada ABŞ, Russiýa, Angliýa, Germaniýa, Fransiýa, Ispaniýa, Italiýa, Hytaý, Eýran, Hindistan, Saud Arabystany, Meksika, Braziliýa, Argentina, Singapur, Azerbaýjan, Wengriýa, Polşa, Rumyniýa, Günorta Afrika, Müsür, Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Alžir, Tunis, Bolgariýa, Gruziýa, Ermenistan, Özbegistan, Gazagystan, Türkmenistan we beýleki döwletleri goşmak bilen 47 ýurtdan, takmynan, 450 talyby jemledi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda matematika boýunça VI Açyk halkara olimpiada gatnaşjaklar hasaba alynýar
FREE TRADE AND THE ROLE OF INTERNATIONAL ORGANIZATIONS IN PROMOTING COOPERATION FOR SUSTAINABLE DEVELOPMENT - IN THE FOCUS OF THE PLENARY SESSION
Öňdebaryjy okuw mekdepleriniň sanawy düzüldi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurduň ýaşlarynyň 2021-nji ýylda Türkiýäniň 43 ýokary okuw mekdebine okuwa girip biljekdigini tassyklady
Norwegiýanyň uniwersitetlerinde daşary ýurtly dalaşgärleriň sany artýar
Öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri