Türkmenistanyň U-17 ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky üçünji duşuşygyny geçirdi

Türkmenistanyň U-17 ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky üçünji duşuşygyny geçirdi

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U17) Aziýa Kubogy 2023-iň saýlama tapgyryndaky üçünji duşuşygyny geçirdi. Ýaponiýanyň ýetginjekler ýygyndysy bilen bolan duşuşyk garşydaş ýygyndynyň 7:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Türkmen futbolçylarynyň ilkinji duşuşykda Filippinleri 2:0 hasabynda ýeňip, ikinjide Siriýa bilen 1:1 hasabyndaky deňlik bilen oýnandygyny ýatladýarys.

Üçünji tapgyrda Iordaniýa Filippinleri 3;1 hasabynda ýeňdi.

Saýlama tapgyrynda “A” toparçanyň duşuşyklarynyň merkezleşdirilen görnüşinde Iordaniýanyň Zarka şäherinde geçirilýändigini ýatladýarys.

Bu toparçada ýygyndy toparymyzdan başga Ýaponiýanyň, Iordaniýanyň, Filippinleriň hem-de Siriýanyň ýetginjekler ýygyndylary çykyş edýär.

Ýetginjeklerden düzülen ýygyndy toparlaryň (U17) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2023-nji ýylda geçiriler. Yklym ýaryşynyň final tapgyryna saýlama ýaryşyndaky toparçalaryň 10-synyň ýeňijileri bilen ikinji ýer alan ýygyndylaryň iň gowy netije görkezenleriniň bäşisi çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly boksçylar ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda 7 medal gazandylar
Aziýanyň kubogy — 2024-e gatnaşjak ähli ýygyndylar belli boldy
“E” toparçada Türkmenistanyň ýygyndysynyň soňky bäsdeşi hem belli boldy
Futzal boýunça Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bijeleriniň haçan çekiljekdigi belli boldy
Türkmenistanyň futbol boýunça U-23 ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine birinji torbadan gatnaşar
Bursada TEKNOFEST-iň çäginde ýaryş geçirilýär
Ferstappen Awstraliýa Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy