Türkmenistanyň Watan goragçysy diýen hormatly at döredildi

Türkmenistanyň Watan goragçysy diýen hormatly at döredildi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Watan goragçysy diýen hormatly ady döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanuna gol çekdi.

Şeýle hem bu Kanun bilen täze döredilen hormatly adyň Düzgünnamasy we onuň döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysy tassyklanyldy. Kanun şu gün, 18-nji ýanwarda türkmen metbugatynda çap edilenden soňra güýje girdi.

Täze hormatly adyň Düzgünnamasy we döşe dakylýan nyşanynyň ýazgysy Türkmenistan we Neýtralnyý Turkmenistan gazetleriniň 2021-nji ýylyň 18-nji ýanwaryndaky sanynda çap edildi.

Adyndan hem belli bolşy ýaly, täze hormatly at göreldeli gulluk eden harby gullukçylara berler. 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň gününde täze hormatly adyň ilkinji eýeleriniň yglan edilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 42 desga satuwa çykarylýar
Türkmenistanda 48 sany döwlet emlägi hususylaşdyrylar
Türkmenistan iki sany halkara aragatnaşyk ulgamyny gurmagy meýilleşdirýär
Türkmenistan Eýrana we Gazagystana çenli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmegi meýilleşdirýär
Balkan welaýatynda kaustik we kalsinirlenen soda öndürýän zawod gurlar
Ispan kompaniýasy 2 million türkmeninstanlyny süýji suw bilen üpjün etjek taslamany durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär
Ispan kompaniýasy 2 million türkmenistanlyny süýji suw bilen üpjün etjek taslamany durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär