Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Ýaponiýadaky ilçileri duşuşdylar

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Ýaponiýadaky ilçileri duşuşdylar

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow ABŞ-nyň Ýaponiýadaky ilçisi Ram Emanuel bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem Merkezi Aziýa + ABŞ görnüşindäki dialogyň netijeliligini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Tokidoaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi A.Baýramow Türkmenistanyň ABŞ bilen ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygyny tassyklady.

Mundan başga-da, taraplar 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Nýu-Ýorkda (ABŞ) Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen sammitiň sebit howpsuzlygy, söwda we aragatnaşyk, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gowy pursat bolandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, bu mehanizmiň ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, howpsuzlygy we Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmek üçin täsirli sebit platformasy hökmünde özüni görkezendigi bellenildi.

Taraplar ykdysady we energetiki hyzmatdaşlygy giňeltmek, howanyň üýtgemegine, şeýle hem häzirki döwrüň kynçylyklaryna we wehimlerine garşy durmak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ilçisi Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekilleri bilen duşuşdy
Ýaponiýadaky türkmen ilçisi şol bir wagtda Filippinler Respublikasyna diplomatik wezipä bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Ýaponiýadaky türkmen ilçisi şol bir wagtda Awstraliýa Arkalaşygynda diplomatik wezipäni ýerine ýetirer
Halkara gatnaşyklary institutynda diplomatlaryň arasynda sport ýaryşlary geçirildi
Atadurdy Baýramow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi wezipesine bellenildi