Türkmenistanyň ýörite gulluklary türkmen dissidentiinň hossarlaryny tussag etmek haýbatyny atýarlar

Türkmenistanyň ýörite gulluklary türkmen dissidentiinň hossarlaryny tussag etmek haýbatyny atýarlar

MHM-niň iki işgäri we Durdyýew familiýaly polisiýanyň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça edarasynyň barlagçysy 14 ýaşly ýetginjek Jumamyrat Jumamyradowy ene-atasy, aklawjy gatnaşmazdan 1 sagatdan gowrak wagtlap sorag etdiler.

Şol ýetginjek 2007-nji ýylda doglan, Saýat etrabynyň “Täze usul” obasynyň 29-njy orta mekdebiniň 8-njy “A” synpynyň okuwçysy we Türkiýede ýaşaýan graždan aktiwisti Rozybaý Jumamyradowyň ýegeni.

4-nji maýda ir sagat 9-da MHM-niň wekili orta mekdebiň ýolbaşçysy Göwher Baltaýewa jaň edipdir we tizden-tiz Jumamyrady “Lebap” dayhan birleşigindäki polisiýa merkezine getirmegini talap edipdir.

Mekdep ýolbaşçysy awtoulagy bolan mugallymy çagyryp, onuň bilen birlikde Jumamyrady polisiýa merkezine alyp gidipdir.

Emma, Baltaýewa bu barada ýetginjegiň ene-atasyna duýdurmandyr.

Polisiýa merkezinde hukuk goraýjy edaralaryň 3 wekili ýetginjekden agasy bilen näderejede ýygy-ýygydan habarlaşýandygy, näme barada gürrüň edýändikleri, oňa watany ýa-da prezidenti tankytlaýan haýsyda bir habary ýetirendigini sorapdyrlar

Olar ýetginjegiň üstüne gygyrypdyrlar, daşary ýurtlardaky oppozisiýonerler we “ideýologiýa diwersantlary” bilen hyzmatdaşlyk edýän garyndaşy bilen gatnaşyk edýändikleri üçin Jumamyrady we ene-atasyny türmä basjakdyklary aýdyp, haýbat atypdyrlar.

Soňra polisiýa merkezine Jumamyradyň enesini getirip, oglunyň ýanynda sorag edip, haýbat atypdyrlar. Mundan soň olaryň ýüz we profil suratlaryny alyp, goýberipdirler.

26-njy martda MHM-niň wekilleri Rozybaýyň erkek doganyny sorag edipdirler.

21-nji martda näbelli biri ( 865560823) telefon belgisinden maşgala jaň edip, Rozybaý Jumamyradow bilen gatnaşygyny kesmeseler, öldürjekdikleri bilen haýbat atypdyrlar.

Rozybaý Jumamyradow ilkinji gezek ýörite gulluklar bilen 2009-njy ýylda garşylaşypdy.

Şol döwürde ol “Azatlyk” Radiosynyň Türkmen gullugy bilen resmi däl ýagdaýda hyzmatdaşlyk edýärdi. Rozybaý yzarlanýandygy üçin Türkmenistany terk etmäge mejbur boldy we 2011-nji ýylda Türkiýä baryp, kanuny ýagdaýda ýaşamaga başlady.

Häzirki döwürde Rozybaý türkmen režimine oppozisiýada durýanlar bilen “YouTube” ulgamyndaky syýasy diskussiýalara gatnaşýar.The post Türkmenistanyň ýörite gulluklary türkmen dissidentiinň hossarlaryny tussag etmek haýbatyny atýarlar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
TÝL ― 2023: üç günde iki duşuşyk geçiriler
TÝL ― 2021: möwsümiň ilkinji sary karty Altyn asyryň futbolçysyna görkezildi
Jumamyrat Jumamyradow Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsümindäki ilkinji duşuşygyň baş emini bolar
Futbol, Aşgabadyň kubogy: 1-nji tapgyryň eminleri belli boldy