Türkmentel—2022: OneWeb 2023-nji ýylda 648 hemrasynyň ählisini orbita çykarar

Türkmentel—2022: OneWeb 2023-nji ýylda 648 hemrasynyň ählisini orbita çykarar

OneWeb iňlis kompaniýasy 2023-nji ýylda 648 hemradan ybarat topary orbita çykaryp tamamlamagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň bazara giriş boýunça müdiri Iwan Zaýtsew Türkmentel—2022 Halkara maslahatynyň dowamynda habar berdi.

Zaýtsew OneWeb ýyldyzlar toplumynda jemi 648 hemranyň boljakdygyny, olaryň 462-siniň häzirki wagtda ýerleşdirilendigini, munuň bolsa orbita çykmaly ähli hemralaryň 70%-den gowragyny düzýändigini aýtdy. Belläp geçsek, OneWeb pes orbitaly kosmos gämisi sarp edijilere ýokary tizlikli interneti elýeterli etmek üçin niýetlenendir.

Türkmentel—2022 konferensiýasy 10-11-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilýär. Onuň umumy mowzugy Türkmenistanyň jemgyýetçilik-ykdysady giňişligini sanlylaşdyrmakda esasy faktor hökmünde maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmek bolup durýar. Maslahatda Türkmenistandan başga-da Azerbaýjandan, Hytaýdan, Russiýadan, Finlýandiýadan we beýleki ýurtlardan gelen gatnaşyjylar çykyş edýärler.

Ýene degişli makalalar

“Amazon” “Palm Checkout” ulgamyny işe girizdi
“Troýa” filminiň režissýory aradan çykdy
Marsyň topragynda ösüp biljek ösümlikler anyklandy
Samsung täze Galaxy A04 bilen tanyşdyrdy
Apple geljekki VR-gurluşlary üçin Reality haryt nyşanlaryna patent alar
Kino sungatynyň ägirdi, meşhur režissýor aradan çykdy
Windows 11 (22H2) dünýä indi