TÝL ― 2020: bir duşuşykda birden artyk tapawutlanan futbolçylar

TÝL ― 2020: bir duşuşykda birden artyk tapawutlanan futbolçylar

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýakynda tamamlanan möwsüminde iki futbolçy poker, bir futbolçy het-trik we 16 futbolçy dubl etmegi başardy.

Möwsümiň pokerçileri (bir duşuşykda dört pökgi geçirip bilen futbolçylar) Altymyrat Annadurdyýew bilen Myrat Ýagşyýewdir. Möwsümiň iň netijeli futbolçysy Altymyrat Annadurdyýewiň bu baaşrnygy iki duşuşykda ― 12-nji we 26-njy tapgyrlarda görkezendigini aýratyn aýtmak gerek. Myrat Ýagşyýew bolsa 27-nji tapgyryň duşuşygynda dört pökgi geçirdi.

24-nji tapgyrda üç gezek tapawutlanan Altymyrat Annadurdyýew möwsümde het-trik eden ýeke-täk futbolçydyr.

Ýokarda-da ýazyşymyz ýaly, jemi 16 futbolçy bir duşuşykda iki gezek tapawutlanmagy başardylar. Bu sanawda hem iň ýokary görkeziji Altymyrat Annadurdyýewe degişli. Ol möwsümde jemi 6 duşuşykda (6, 14, 19, 20, 22 we 23-nji tapgyrlarda) iki pökgüden geçirdi. Elman Tagaýew bilen Yhlas Magtymow bolsa üç duşuşykda şeýle netijäni görkezen futbolçylar boldy.

Sanawda bulardan başga-da, Aşgabatdan Boris Iwanow (5-nji tapgyr), Myrat Amantaganow (24-nji tapgyr), Nazar Towakelow (26-njy tapgyr), Merwden Perman Hallyýew (10-njy tapgyr), Pirmyrat Gazakow (16-njy tapgyr), Ahaldan Pirmyrat Sultanow (13-nji tapgyr), Altyn asyrdan Begenç Akmämmedow (14-nji tapgyr), Mihail Titow (17-nji tapgyr), Şagadamdan Baýramgeldi Nurlyýew (14-nji tapgyr), Hemra Amanmämmedow (7-nji tapgyr), Energetikden Rahmet Şermetow (16-njy tapgyr), Nebittçiden Alibek Abdyrahmanow (16-njy tapgyr), Köpetdagdan Döwletmyrat Seýitmuhammedow (22-nji tapgyr) dagylar bar.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
TÝL ― 2020: möwsümde näçe futbolçy tapawutlandy?
TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: Satlykow bilen başlanan şowsuzlyk Tagaýew bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: Didar Durdyýew bassyr iki ýyl bäri iň netijeli futbolçy boldy
TÝL ― 2023: 15-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar