Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 10-ny tapgyrynyň çäginde geçirilen Merw ― Aşgabat (4:0) duşuşygynda tapawutlanan Pirmyrat Gazakow hem Ýokary liganyň soňky 10 möwsüminde gollarynyň sanyny 50-ä çykaran futbolçylaryň hataryna goşuldy.
Ol 2012-nji ýyldan bäri bu sepgide ýetip bilen 17-nji futbolçy boldy. Indi sepgide iň ýakyn futbolçy Ahalyň ýarym goragçysy Amir Gurbanow. Soňky 10 möwsümde onuň hasabynda 49 gol bar.
Ýeri gelende aýtsak, bu sanawyň başyny 142 gol bilen häzir futbola arakesme beren hüjümçi Süleýman Muhadow çekýär. Oňa iň ýakyn futbolçy bolsa 129 golly Myrat Ýagşyýewdir. Geçen möwsümiň iň netijeli futbolçy Altymyrat Annadurdyýewiň hasabynda 121 gol bar.
