TÝL ― 2022: Köpetdag bilen Merw utuk paýlaşdylar

TÝL ― 2022: Köpetdag bilen Merw utuk paýlaşdylar

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 15-nji tapgyrynyň çäginde bir duşuşyk geçirilip, onda Köpetdag Merw topary bilen güýç synanyşdy. Üçünji orun ugrunda ýiti göreş alyp barýan bu toparlaryň arasyndaky duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy.

Şeýlelikde, bu duşuşykdan soň utugyny 25-e ýetiren Köpetdag eýeleýän üçünji ornuny saklap galdy. 23 utugy bolan Merw dördünji orny eýeleýär.

Futbol çempionatymyzyň 15-nji tapgyrynyň jemleýji güni, 19-njy oktýabrda üç duşuşyk geçiriler: Altyn asyr Energetik, Ahal Nebitçi, Şagadam Aşgabat.

15-nji tapgyryň duşuşygy: Köpetdag Merw 0:0

Duýduryşlar: 51 Döwletmyrat Seýitmuhammedow, 90 Yhlas Saparmämmedow 54 Merdan Saparow, 65 Kemal Annamuhammedow, 90+3 Amangeldi Saparmämmedow. Geçirilen ýeri: Köpetdag stadiony (Aşgabat ş.) Duşuşygyň emini: S.Gurbanow (Balkanabat ş.) Kömekçi eminler: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.), I.Kurambaýew (Daşoguz ş.) Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.) Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

Çempionatyň tablisasy:

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: iki tapgyryň çäginde üç duşuşyk geçiriler
TÝL — 2023: Energetik ýene bir duşuşygyny öňünden geçirmeli bolar
TÝL ― 2023: 18-nji tapgyryň bir duşuşygy öňünden geçiriler
TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: 25-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2023: Merwi ýeňen Ahal üçünji orun bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy