TÝL ― 2023: 18-nji tapgyryň bir duşuşygy öňünden geçiriler

TÝL ― 2023: 18-nji tapgyryň bir duşuşygy öňünden geçiriler

Altyn asyryň AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş edýändigi bilen bagly paýtagtymyzyň toparynyň 18-nji tapgyrda Energetik bilen geçirmeli duşuşygy şu gün ― 30-njy awgustda geçiriler.

Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Ýeri gelende bellesek, toparçalaýyn bäsleşigiň birinji tapgyrynda paýtagtymyzyň Altyn asyr topary myhmançylykda Gyrgyzystanyň Abdyşata topary bilen myhmançylykda duşuşar. Bu duşuşygyň 21-nji sentýabrda geçirilýändigini ýatladýarys.

18-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy:

30.08.2023 ý. (çarşenbe)

Altyn asyr ― Energetik

Geçirilen ýeri: Sport toplumy stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)

Başlanýan wagty: 17:30

Duşuşygyň emini: B.Atdyýew (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: M.Allaberdiýew (Aşgabat), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.).

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: iki tapgyryň çäginde üç duşuşyk geçiriler
TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: Merwi ýeňen Ahal üçünji orun bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy
TÝL ― 2023: 25-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL — 2023: Energetik ýene bir duşuşygyny öňünden geçirmeli bolar
Türkmenistanyň kubogy ― 2023: Begnazarow ilkinji finalçyny ýüze çykarjak duşuşygyň emini bolar