TÝL ― 2023: Altyn asyr kümüş medalyň eýesi boldy

TÝL ― 2023: Altyn asyr kümüş medalyň eýesi boldy

Şu gün paýtagtda Ýokary liganyň 24-nji tapgyrynyň çäginde Altyn asyr Nebitçini kabul etdi. Duşuşykda garşydaşyny 2:1 hasabynda ýeňen Altyn asyr möwsümi kümüş medal bilen tamamlamagy kepillendirdi we geljek ýylda AFK-nyň ýaryşlaryna gatnaşmaga bolan mümkinçiligini gorady.

Janköýeriň habar berşi ýaly, Nebitçi 12-nji minutda Magtymberdi Berenow bilen öňe saýlanan hem bolsa, ýer eýeleri 37-nji minutda Hoşgeldi Hojowowyň geçiren goly bilen hasaby deňlediler. 54-nji minutda bolsa Röwşengeldi Halmämmedow Altyn asyryň ýeňiş goluny geçirdi.

Şeýlelikde, ýaryş tertibinde goňşy iki toparyň bu duşuşygyndan soň Altyn asyr bassyr ikinji ýyl kümüş medalyň eýesi boldy. Aragatnaşykçylaryň 20 duşuşykdan soň 47 utugy bar. 21 oýunda 34 utuk toplap bilen Nebitçi öňdäki üç duşuşygynyň üçüsinde hem ýeňiş gazanyp, Altyn asyr hem ähli duşuşyklarynda utulaýan ýagdaýynda hem 13 utuklyk aradaşlygy doly ýapyp bilmez.

Nebitçi bolsa üçünji orun üçin dördünjilikdäki Aşgabat bilen däl-de, bäşinjilikdäki Ahal bilen ýaryşmaly bolar. Çünki Aşgabat 23 duşuşyk geçirdi we 30 utuk toplap bildi. Ýene bir oýny galan paýtagtyň adybir topary ýeňiş gazanaýanda hem Nebitçiniň yzyndan ýetip bilmez. 26 utuk toplan Ahal bolsa ýaňy 18 duşuşyk geçirdi. 26 utuk toplan topar ýeňişli ýoluny dowam edip bilse, üçünji orna dalaş eder.

Ýene degişli makalalar

Arkadag we Altyn asyr toparlary 2026-njy ýyldaky Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyna uly ýeňişler bilen başladylar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
TÝL — 2023: Energetik ýene bir duşuşygyny öňünden geçirmeli bolar
TÝL — 2023: 16-njy tapgyryň bir duşuşygy öňünden geçiriler
TÝL — 2023: 17-nji tapgyryň Energetik — Merw duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL — 2023: Merw Şagadamy Myrat Ýakşiýewiň dubly bilen ýeňdi