Üç ägirt tagallalaryny birleşdirer

Apple, Google we Microsoft kompaniýalary web sahypalaryna, programmalaryna umumy parol bilen giriş standartyny giňeltmegi maksat edinýärler.Parollary dolandyrmak sarp edijiler üçin kyn bolýar we şol bir hyzmaty ulanmagyna sebäp bolýar.

Täze maksatnama laýyklykda, ulanyjylar barmak yzlaryny, ýüzüni ýönekeý barlamak ýa-da PIN enjamy ýaly enjamlaryny açmak üçin her gün şol bir hereket bilen girerler.Bu täze çemeleşme, parollar we SMS arkaly iberilýän parollar bilen deňeşdirilende, düýpgöter ygtybarly bolar.

Dünýäniň ýüzlerçe kompaniýasy milliardlarça enjamlarda we web brauzerlerinde parolsyz giriş standartlaryny döretmegi meýilleşdirýärler.

Apple, Google we Microsoft bu giňeldilen mümkinçilikler toplumynyň ösmegine ýolbaşçylyk etdiler we häzirki wagtda degişli platformalarda goldaw döredýärler.

Ysmaýyl ÖWEZOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Täze sepgide ýetdi
Dünýäniň iň gymmat brendleri
Dünýäniň iň gurply 10 ýurdunyň ýedisi Ýewropa ýurtlarydyr
Ýewropa ýurtlary öňde barýar
Bazar bahasy 4 trillion dollar
“Apple” ýene-de sanawyň başynda
Dohada Web Summit Qatar açyldy