UEFA Çempionlar ligasynda ýene-de 2 klub 1/8 finala çykdy

UEFA Çempionlar ligasynda ýene-de 2 klub 1/8 finala çykdy

UEFA Çempionlar ligasynda “D” toparçada 10-a golaý oýunçysy şikesli bolan “Liwerpul” öz meýdançasynda “Aýaksy” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Liwerpul” toparçada 1-nji ýeri eýeläp, 1/8 finala adyny ýazdyrmagy başardy. “Liwerpula” ýeňiş getiren ýeke-täk goly Kurtis Jons derwezä girizdi. Şunlukda, “Liwerpul” bassyr 5-nji, umumylykda-da 13-nji gezek 2-nji tapgyrda oýnamaga hukuk gazandy.

Toparçadaky beýleki duşuşykda “Atalanta” öz meýdançasynda “Mitdýulland” bilen 1-1 deňme-deň oýnady.Toparçada 2-nji ýeri eýelejek klub “Atalanta” ýa-da “Aýaks” bolar. 6-njy duşuşyklarda iki topar Amsterdam özara güýç synanyşar.

Şeýle-de “C” toparçada öz meýdançasynda “Mançester Siti” bilen golsuz deňme-deň oýnan “Porto” topary 16-njy gezek 2-nji tapgyra çykdy.

Şeýlelikde, “Liwerpul” bilen “Porto” toparlary ozal 1/8 finala çykan “Bawariýa”, “Mançester Siti”, “Çelsi”, “Sewilýa”, “Barselona”, “Ýuwentus” toparlarynyň hataryna goşuldy.

Ýene degişli makalalar

Çempionlar Ligasynda 5-nji duşuşyklaryň gysgaça statistikalary
Çempionlar Ligasynda 4-nji duşuşyklar: “Liwerpul” “Real”, PSŽ “Bawariýa”, “Man. Siti” “Borussiýa D”
“Liwerpul” öňünden çykandan utulýar
Çempionlar Ligasynda ýylyň soňky oýunlary “Real” “Mançester Sitini”, “Inter” “Liwerpuly” kabul edýär
Öňe geçenler ýeňildi
UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar
Şu gije Çempionlar Ligasyndaky soňky duşuşyklar geçiriler