UEFA Ýewropa Ligasynyň Çempiony Atalanta topary boldy

UEFA Ýewropa Ligasynyň Çempiony Atalanta topary boldy

Dublin Arena stadionynda geçirilen final tutluşygynda Atalanta 12, 26 we 75-nji minutlarda nigeriýaly Ademola Lookman tarapyndan atylan pökgiler bilen 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bundesliganyň şu futbol möwsüminde ýeňilmän çempion bolan, ähli tutluşyklarda 51 oýun bäri hiç kime utulmadyk Germaniýanyň Baýer Lewerkuzen toparyny 3-0 hasabynda ýeňen Atalanta, taryhynda ilkinji gezek oýnan Ýewropa kubogynyň finalynda çempionlyga ýetdi.

Geçiren 3 pökgüsi bilen kuboga eýe bolan Atalantanyň 26 ýaşyndaky nigeriýaly ýyldyz Ademola Lookman UEFA taryhyna adyny ýazdyrdy.

Ademola Lookman UEFA-nyň final duşuşygynda het-trik eden ilkinji afrikaly futbolçy boldy.

Nigeriýaly ýyldyz Ademola Lookman mundan başgada UEFA Ýewropa ligasynyň taryhynda 3 göl geçiren ilkinji futbolçy boldy.

Ýene degişli makalalar

Ademola Lukman 2024-nji ýylda Afrikanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi
17-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
“Real Madrid” Italiýadan ýeňiş bilen dolandy
“Real Madrid” hem utulýar
Öňünden çykany ýeňýär, gezek “Real Madridde”
Afrikada ýylyň futbolçysy baýragynyň ýeňijisi belli boldy
Lukmanyň täze topary