Üns beriň, bäsleşik!

Üns beriň, bäsleşik!

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda, halkymyzyň maddy däl medeni mirasynyň el işlerine degişli görnüşlerini ýüze çykaryp hasaba almak, olara degişli bolan maglumatlary halk arasyndan toplamak, resmileşdirmek boýunça ýerli hünärmenleri, höwesjeňleri, mirasgärleri bu işe çekmek we bu ugurda täze zehinleri ýüze çykarmak, dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän el işleriniň gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek maksady bilen Asyrlara ýörelge nesillere görelde atly bäsleşigi yglan edýär.

Bäsleşige 18 ýaşdan ýokary bolan dürli kärde zähmet çekýän hünärmenler, mugallymlar, talyplar el işlerine degişli maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň beýany we mazmuny boýunça maglumatlar toplumyny taýýarlap, gatnaşyp bilerler.

Salgysymyz: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 461-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-01-16 / 44-01-99/

Ýene degişli makalalar

6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň Döwlet reýestri kitap görnüşinde çap ediler
Marynyň iň gatnawly köçeleriniň biriniň wagtlaýyn ýapylmagy, ulag dyknyşyklaryna getirýär
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllyk ýubileýine taýýarlyk görülýär
Okuwçylar sanly kitaphanalara gönükdirilýär, ýöne Internetiň haýal tizligi mümkinçilikleri çäklendirýär
Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahaty Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirildi