Üstaşyr-ulag ulgamy boýunça halkara maslahatda möhüm meselelere garaldy

Üstaşyr-ulag ulgamy boýunça halkara maslahatda möhüm meselelere garaldy

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynda Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023 atly halkara maslahat öz işine başlady. Onda Türkmenistanyň we daşary döwletleriň alymlary, bilermenler, işewürler çykyş etdiler. Maslahatda onlaýn görnüşdäki çykyşlara hem orun berildi.

Watan habarlar gepleşiginde mälim edilişi ýaly, halkara maslahatyň esasy wezipesi ulag we logistika ulgamyny ösdürmek üçin bilim-tejribe alyşmakdan, täzeçil çemeleşmeleri, çözgütleri öňe sürmekden ybaratdyr. Şunda ulag düzümine tehniki hyzmatyň hilini gowulandyrmak, ulag ulgamyna halkara goldawyň gerimini giňeltmek, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, teklipler we bar bolan mümkinçilikler, durnuklylygy üpjün etmegiň şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara maslahatyň maksatnamasy Halkara ulag we logistika: wehimler we mümkinçilikler atly plenar mejlisi, Häzirki zaman ykdysadyýetiniň ulag-logistika taýdan özara baglanyşygy, Söwda we logistikada sanlylaşdyrmak boýunça iň täze çemeleşmeler, Söwda we senagat: ösüş we hyzmatdaşlyk, Ulag-logistik düzüminiň arabaglanyşygyny ösdürmekde döwlet-hususy gatnaşyklaryň orny, Ulag-logistika ulgamynda innowasion tehnologiýalar, ylym we bilim — geljege nazar atly bäş mejlisi öz içine alýar.

Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, ulag ulgamyndaky özara baglanyşyk söwdanyň özüne düşýän gymmatyny peseltmekde we ählumumy bazarlara bolan gatnaşygy gowulandyrmakda ähli ýurtlar üçin ähmiýetlidir. Şunda ykdysadyýetleriň özara baglanyşygyna, adamlaryň gatnaşyklaryna goldaw bermekde, oba hem-de şäher ýerleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda, durnuklylygy, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegini işjeňleşdirmekde ulag ulgamyna möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.

Şeýle hem maslahatyň gün tertibine ýük wagonlaryny ulanmagyň we olary dolanyşyga girizmegiň ylalaşykly kadalaryny işläp taýýarlamak, bu ugurda toplumlaýyn özara hasaplaşyklary geçirmek, polat ýollarynda ulanylýan enjamlaryň, beýleki serişdeleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek meseleleri girizildi.

Sebitde ulag gatnawlarynyň möçberini artdyrmakda Türkmenistanyň möhüm orny eýeleýändigini bellemek bilen, çykyş edenler ýurduň ulag ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy we ösdürilmegi, halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy esasynda bu ugruň ägirt uly geljeginiň bardygyny nygtadylar.

Ulag ýollarynyň ösüşi barada aýtmak bilen, maslahata gatnaşyjylar Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň dowam edýän gurluşygyna üns çekdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-leriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
TULM Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamalary üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi
Türkmenistan Astrahan oblastyna pomidorlaryň ilkinji tapgyryny iberdi
Daşoguz welaýat gümrükhanasynda pudagara okuw maslahaty geçirildi
Ulag-logistika ulgamy döwrüň möhüm pudaklary
Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň işewürleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy