Uimbldon: Kressi muny ilkinji gezek başardy

Uimbldon: Kressi muny ilkinji gezek başardy

Möwsümiň üçünji Uly tuwulga ýaryşy bolan Uimbldonda TOP-10-lugyň ýene bir wekili garaşylmadyk ýagdaýda öýüne dolandy.

Dünýäniň 9-njy raketkasy, kanadaly tennisçi Feliks Ože birinji tapgyrda ATP-niň reýtinginde 45-nji orny eýeleýän amerikaly Maksim Kressiden 7/6, 4/6, 6/7, 6/7 hasabynda utulyp, ýaryş bilen hoşlaşdy.

Duşuşyk 4 sagat 9 minut dowam etdi. Olar karýerasynda biri-biri bilen ilkinji gezek duşuşdylar. Kressiniň ilkinji gezek TOP-10-daky garşydaşyndan üstün çykandygyny hem nygtamak gerek.

Mundan ozal ol güýçli onlukdaky tennisçiler bilen dört gezek duşuşyp, ählisinde asgyn gelipdi. Kressiniň ikinji tapgyrdaky garşydaşy watandaşy Jek Sok bolar.

Ýene degişli makalalar

Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi
Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi
Monrealdaky Mastersde XX asyrdaky sensasiýa gaýtalandy
Dünýäniň birinji raketkasy Alkaras Astanada ýaryşyň birinji aýlawyndan gaýtdy
Kriştianu Ronaldu Al-Nassr bilen Arkadag toparlarynyň arasyndaky jogap duşuşygyna taýýarlanýar