Ukrain Gallasynyň Dünýä Bazarlaryna Çykarylmagy Ýurtlaryň Özlerine Bagly

Ukrain Gallasynyň Dünýä Bazarlaryna Çykarylmagy Ýurtlaryň Özlerine Bagly

Prezidentiň Diwanynyň metbugat Sekretary Ibrahim Kalyn “Blumberg” teleýaýlymynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglara jogap berdi. Kalyn: “Gallanyň dünýä ýurtlaryna ýetirilmegi hem Russiýanyň hem-de Ukrainanyň bähbidine. İki hepdaniň dowamynda ilkinji gämileriň ugramagyna garaşýarys. Ol, ýurtlaryň näderejede taýýardygyna bagly” diýdi.

Prezidentiň Diwanynyň metbugat Sekretary İbrahim Kalyn: “İki tarapyň gatnaşmagynda ylalaşyk gazanyldy. Ol, eger dowam etdirilip bilinse, diňe bir Russiýa we Ukraina däl, beýleki ýurtlar tarapyndan hem goldansa, mundan soň hüjümleriň bes edilmegi, ýesirleriň çalyşylmağy we ýaraşyk ylalaşyklaryna şert döretjek ynam giňişligini emele getirer.

Stambulda dörediljek merkezde dört tarapyň wekilleri bolar. Şenbe güni hüjüm guralandygy üçin ol biynjalyk etdi we bu barasynda dessine rus we ukrain tarap bilen gepleşik geçirdik” diýdi.

Ähli taraplaryň olalaşygyň şertlerine berjaý etmegine garaşylýandygyna ünsi çeken Kalyn; “Gallanyň dünýä bazarlaryna çykarylmagy hem Russiýanyň hem-de Ukrainanyň bähbidine. İki hepdäniň dowamynda gämileriň ugramagyna garaşýarys. Ol, ýurtlaryň näderejede taýýardygyna bagly” diýdi.

“Bu ylalaşyk 4 aýlyk möhlet üçin gazanyldy. Emma iki tarapyň ylalaşygy gazanylan halatynda öz-özünden uzaldylar” diýen Kalyn, iki taraply ylalaşylyp, “Dowam edilsin” diýmekligiň ýeterlik boljakdygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Hizbullah Ysraýyla Hüjüm Gurady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Forbes: Ilon Mask iň baý amerikalylaryň sanawynda birinji
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny