Ukraina Russiýanyň goşunynyň ýitgileri barada maglumat berdi

Ukraina Russiýanyň goşunynyň ýitgileri barada maglumat berdi

Berilen maglumatlara laýyklyklda Ukraina garşy hüjüm başladan Russiýanyň goşunyndan 18 müň töwerek esger öldürildi, ruslara degişli 143 uçar, 134 dikuçar, 644 taňk, 1830 sowutly ulag, 325 top, 105 raketa ulgamy we 54 howa goranyş ulgamy ýok edildi.

Russiýanyň harby birikmelerine degişli şeýle hem 1249 ulag, 7 gämi we ýokary tizlikli kater, 76 ýangyç ulagy we 89 uçarmansyz howa ulagy ýok edildi.

Beýleki tarapdan Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweş 39 gün bäri dowam etmek bilen birlikde, resmi Moskwa gepleşikleriň duşenbe güni dowam etjekdigini habar berdi.

Russiýanyň gepleşikler toparynyň başlygy Wladimir Medinskiý, Ukraina bilen Russiýanyň liderleriniň duşuşyk geçirmek ähtimallygy bilen bagly beýanat berdi.

"Ýokary derejeli duşuşyk üçin ylalaşyk resminamasy entek taýar däl" diýip aýdan Medinskiý, Russiýanyň Krym we Donbass babatyndaky pozisiýasynyň üýtgemändigini belledi.

Ukrainanyň gepleşikler wekiliýetiniň agzasy Dawid Arakhamia bolsa düýn beren beýanatynda, taýarlanan resminamanyň Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Ukrainanyň Döwley ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiýni duşuşdyrmak üçin ýeterlikdigini beýan edipdi.

Arakhamia: "Iki lideri arasynda geçiriljek duşuşyk Türkiyede bolmagy ähtimal" diýip belläpdi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. Taraplar şol günden bäri gepleşikler geçirýär.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Krym Köprüsini Ýykmak Isleýär
Zelenskiý musulman esgerler bilen agzaçarda duşuşdy
Ukraina, Russiýa Degişli Uçary Urup Düşürdi
Zelenskiý Russiýanyň 300 müň esgeri mobilizlejekdigini öňe sürdi
Zaporožýe Ýadro Bekedine Hüjüm Guraldy
Ukraina: "Russiýa 5 aýry sebitdäki energiýa desgalaryna hüjüm gurady" diýdi
Ukrainanyň parlamenti ýurtda harby mobilizasiýa üçin şertleri berkidýän kanun kabul etdi