Ukrainanyň Donetske guran hüjüminde 3 adam ýogaldy

Ukrainanyň Donetske guran hüjüminde 3 adam ýogaldy

Russiýanyň TASS habarlar agentliginiň ýerli habar çeşmelerine esaslanyp beren habaryna görä, Ukrainanyň Ýaragly güýçleri täze ýyla geçileninden gysga wagt soň Donetske köp nilli raketalar bilen hüjüm gurady.

Bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň birine raketanyň degmegi nestijesinde bolan hüjümde 1-i žurnalist azyndan 3 adamyň ýogalandygy, 7 adamyň hem ýaralanandygy habar berildi.

Russiýanyň Belgorod sebitiniň gubernatory Wýaçeslaw Gladkow şähere birnäçe gün ozal Ukrainanyň goşuny tarapyndan guralan hüjümde 24 adamyň ýogalandygyny, 108 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý rus goşunynyň 29-njy dekabrda Ukraina garşy raketalar bilen guran hüjümleriniň netijesinde 39 adamyň ýogalandygyny, 159 adamyň hem ýaralanandygyny habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Rus Dumasynyň başlygy türkmen Mejlisinde çykyş etdi, özara gatnaşyklary taryplady
Wýaçeslaw Wolodin Aşgabada geldi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Tähranda Azerbaýjanyň ilçihanasyna edilen hüjümi ýazgardy, Türkmenistan we Germaniýa Aşgabatda syýasy geňeşmeler geçirdi we beýleki habarlar
Gülşat Mämmedowa we Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistan bilen Russsiýanyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar barada pikir alyşdylar
Türkmenistandaky 70-den gowrak mekdepde rus dili synplary bar
Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi
Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Aşgabada geldi