2022-nji ýylyň birinji çärýeginde “Facebook” jemgyýetçilik torunyň ulanyjylarynyň sany 2 milliard 93 milliondan geçipdir. Şeýlelikde, “Meta”-nyň eýeçiligindäki “Facebook” iň uly jemgyýetçilik tory bolupdyr. “Statista”-nyň maglumatlaryna görä, soňky bir aýyň dowamynda saýta girenler işjeň ulanyjy diýlip hasap edilipdir.
Geçen ýylyň degişli döwründe saýtyň ulanyjylarynyň sany 2,85 milliard bolan eken. Şeýle hem ýaýradylan maglumatda “Facebook” ulanyjylaryň sanynyň 2008-nji ýyldan bäri yzygiderli artýandygy mälim edildi.Mundan başga-da, pandemiýa döwründe jemgyýetçilik torlaryndan peýdalanýanlaryň sanynyň köpelendigi bellenilýär.
Soňky ýyllarda Jemgyýetçilik torlary barada metbugatda çykan habarlaryň sany hem artypdyr.
Dürli ugurlarda iş alyp barýan tehnologiýa kompaniýasy bolan “Facebook” geçen ýyl adyny “Meta” diýip üýtgedipdi. Diňe jemgyýetçilik torunyň ady “Facebook” bolmagynda galypdy. Kompaniýa girdejileriniň uly bölegini mahabatdan alýar.
Guwanç Nurmuhammedow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
