US Open-iň baýrak gaznasy ilkinji gezek 60 mln dollardan geçer

US Open-iň baýrak gaznasy ilkinji gezek 60 mln dollardan geçer

ABŞ-nyň Tennis boýunça açyk çempionaty bolan US Open-iň umumy baýrak gaznasy 2022-nji ýylda rekord derejä ýetip, 60 mln dollardan agar. Bu barada penşenbe güni, 18-nji awgustda turniriň resmi saýtynda habar berilýär.

Aýallaryň we erkekleriň arasyndan ýeňiji bolanlaryň hersi 2,6 mln dollardan alarlar.Turniriň irki tapgyrlarynda ýeňilýän tennisçiler üçin baýrak goýulýan puluň möçberi artdyryldy.Birinji tapgyrda oýundan çykýan türgenler, ýöne şeýle, 80 müň dollar alarlar, ikinji tapgyrda ýeňlenlere bolsa 121 müň dollardan ýeter.

Geçen ýyl umumy baýrak gaznasy 57,5 mln dollardan ybaratdy, bu US Open üçinem, Uly tuwulganyň ähli turnirleri üçinem rekord pul bolupdy.Uly tuwulganyň ýylyň dowamyndaky dört turniriniň soňkusy bolan ABŞ-yň Açyk çempionaty 29-njy awgustdan 11-nji sentýabr aralygynda geçer.

Erkekleriň ýekelikdäki razrýadynda turniriň häzirki ýeňijisi russiýaly Daniil Medwedewdir, aýallaryňky bolsa — britaniýaly Emma Radukanu.

Ýene degişli makalalar

Jokowiç US Open-iň finalynda Medwedewden üstün çykdy
Dünýäniň birinji raketkasy Medwedew Meksikadaky ýaryşda ýeňiş gazandy
Jokowiç US Open-e gatnaşmajakdygyny habar berdi
Alkaras resmi taýdan ATP-niň reýtinginde birinji orundan Medwedewi gysyp çykardy
Ispaniýaly Alkaras US Open-iň ýeňijisi boldy
Radukanu tennise dolanýar