Watikana Benedikt XVI bilen hoşlaşmak üçin müňlerçe katolik ýygnandy

Watikana Benedikt XVI bilen hoşlaşmak üçin müňlerçe katolik ýygnandy

Düýn Watikandaky Keramatly Pýotryň ybadathanasynda 31-nji dekabrda 95 ýaşynda aradan çykan öňki Papa Benedikt XVI bilen hoşlaşmak dabarasy başlandy. Müňlerçe katolikler nobata durdy diýip, MIR 24 ýazýar.

Papanyň jesedi bazilika gülleriniň merkezinde goýuldy, oňa gyzyl liturgiýa eşigi, başyna ak mitra geýindirildi, elinde bolsa tesbi bar. Papa bilen dindarlar şu penşenbä çenli hoşlaşyp bilerler. Şol gün ol ýerlener.

Ol keramatlylar ýaly ýaşady, ölende-de keramatlylar ýaly amanadyny tabşyrdy, ahyrky deminde: Isa, men seni söýýän diýdi; Men bu Papany gowy görýärdim. Ol hakyky Papady, ýöne oňa düşünýänler azdy, emma ol beýik şahsyýetdi. Men ony hiç haçan unutmaryn diýip, bu ýere gelýän takwalar aýdýarlar.

Benedikt XVI Papanyň tagtynda 2005-2013-njy ýyllar aralygynda oturdy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Rim Papasy Benedikt XVI aradan çykdy
Hormatly Rim Papasy Benedikt XVI saglygy ýaramazlaşdy
Rim Papasy işden gitmek barada pikir etmeýändigini habar berdi
Germaniýada Rim Papasyndan Miras Galan Haç Ogurlandy
Pim Papasy Benedikt XVI aradan çykdy
Rim Papasy wagyz-nesihatynda Dostoýewskiden mysal getirdi