Welaýat ýetimler öýlerine Arkadagdaky ýetimler öýüne çaga ibermek tabşyryldy

Welaýat ýetimler öýlerine Arkadagdaky ýetimler öýüne çaga ibermek tabşyryldy

Türkmenistanyň welaýatlaryndaky ýetimler öýlerinde Arkadag şäherindäki ýetimler öýüne ugradylmak üçin çaga saýlamak boýunça işler geçirilýär. Azatlygyň habarçylaryna görä, her welaýatdan 20-30 çagany Arkadaga ugratmak tabşyrygy esasynda ýörite taýýarlyk işleri geçirilýär.

Geljekde Arkadag şäherinde ýetimler öýünde terbiýe aljak çagalar häzir welaýatlaryň ýetimler öýlerinde saýlanyp alynýar. Marydaky we Lebapdaky habarçylaryň sözlerine görä, her ýetimler öýünden ugradyljak çagalaryň sany 20 we 30 aralygynda bolmaly.

"Saýlanýan çagalar diňe sagdyn bolmaly. Şeýle-de, aň-düşünjesi gowurak çagalar saýlanyp alynýar. Bu oglanjyklaryň we gyzlaryň Arkadag şäherine ugradylmagyna garaşylýar. Olar hökman ýeserje we owadanja çagalar bolmaly" diýip, Marydaky çeşme gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylary şeýle-de Arkadag şäheriniň ýetimler öýüne ugradyljak çagalaryň arasynda doglanda ene-atasynyň ýüz öwren körpeleriň bardygyny belläp, olara türkmenleşdirlen adyň we Arkadag familiýasynyň dakylýandygyny aýdýarlar.

"Bu çagalara türkmenleşdirilen at dakylýar. Arkadag ogly Myrat, ýa-da Arkadag gyzy Aýnabat diýen atlar çagalara dakylýar. Bu çagalaryň soň Arkadag şäherine iberilip, doly döwletiň garamagynda boljagy aýdylýar" diýip, Azatlyk bilen anonim gürleşen ýagdaýdan habarly çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada Mary we Lebap welaýatynyň ýetimler öýlerinden resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.

Azatlygyň habarçylary ýurduň her welaýatynda bir ýetimler öýüniň bardygyny belleýärler we şol ýerden Arkadag şäherine ugratmak üçin saýlanan çagalara başgalara garanda has gowy seredilýändigini we ýörite taýýarlyk görülýändigini aýdýarlar.

"Arkadaga gitmeli çagalara häzir has gowy seredilýär. Olaryň saglygy barada maglumat toplanýar, emma saglygynda kemçilik tapylsa onda şol çaga hasapdan aýrylýar" diýip, habarçymyz ýagdaýdan habarly çeşmeleri sitirleýär.

Ýerli çeşmeler Arkadag şäheriniň ýetim çagalar öýüniň öňki prezident we häzir Halka Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda boljagyny belleýärler.

Mundan öň Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident bolan döwründe üns beren ýetimler öýi Aşgabatda ýerleşýän Döwletliler köşgüdi. Onuň käbir baýramçylyklarda ýetim çagalara welosped ýaly sowgatlary gowşurýandygy döwlet telewideniýesinde görkezilýärdi.

2020-nji ýylyň uýul aýynda koronawirus pandemiýasy döwründe ilatyň hereket etmek mümkinçiligi berk çäklendirilýän wagtynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň dynç alşynyň bir gününi balyk tutmaga bagyşlap, çeňňegine düşen balyklary “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýän çagalara iberendigi we şol iki balyk bilen ýetim çagalary naharlandygy resmi mediada habar berlipdi.

Soňky ýylda Arkadag propagandasynyň fonunda täze gurlan Arkadag şäheriniň döwlet derejesindäki mahabaty güýçlendi. Emma häkimiýetleriň bu şähere ýatyrýan resurslary diňe bir maddy üpjünçilik bilen çäklenmeýär.

Geçen ýyl açylan şäherdäki gurlan jaýlary satyn almak telekeçilerden talap edildi.

Häzirki wagtda ýurduň keselhanalary medisina kömegine mätäç hassalary mejbury ýagdaýda Arkadagyň hassahanasyna ugradýarlar. Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerindäki hassahanalar her hepde azyndan 10 näsag adamy Arkadag şäheriniň hassahanasynda ýatymlaýyn bejergi almak üçin ugratmaly bolýan wagtynda, Aşgabadyň saglyk merkezlerine ýüz tutýan hassalar göni Arkadag şäheriniň hassahanasyna alnyp barylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Prezidentine türkmenistanly çagalar türkmen tahýasyny we dutar sowgat berdiler
Türkmen talyplary UNIPO-2024 halkara onlaýn olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda aýdym-sazly dabara geçirildi
Täze paýtagtyň howa menzili gurlar
Türkmenistanda zenanlaryň maşgala zorlugyna sezewar bolmagy jemgyýetde uly howp döredýär
2023: Gadaganlyk, gözegçilik, maşgala zorlugy. Aýal-gyzlar haklaryndan peýdalanyp bilmedi