Wengriýa Bilen Ermenistan Diplomatik Gatnaşyklaryny Gaýtadan Dikeltdi

Wengriýa Bilen Ermenistan Diplomatik Gatnaşyklaryny Gaýtadan Dikeltdi

Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Piter Siýarto, ýurdy bilen Ermenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň gaýtadan dikeldilmegi meselesinde ylalaşyk gazanylandygyny mälim etdi.

Ministr Siýarto, sosial media arkaly beren habarnamasynda, iki ýurduň arasynda 10 ýyl ozal kesilen diplomatik gatnaşyklaryň soňky döwüre geçirlen gepleşikler netijesinde gaýtadan dikeldilmegi meselesinde kararyň kabul edilendigini ýatlatdy.

Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Piter Siýarto “Nobat iki ýurduň ilçi bellemegine geldi” diýdi.

2004-nji ýylda “NATO-nyň Parahatçylyk üçin hyzmatdaşlyk” meýilnamasynyň çäginde Wengriýada geçirlen seminarda Azerbaýjanyň baýdagyny basgylan ermeni ofiseri öldürendigi üçin ömür boýy azatlykdan mahrum edilen azerbaýjanly ofiser Ramil Seferow 2012-nji ýylda ýurduna yzyna berlipdi we Prezident Ilham Aliýewiň görkemesine laýyklykda günäsi geçilipdi.

Ermenistan, Seferowyň Azerbaýjana yzyna berlendigi sebäpli Wengriýa bilen edýän diplomatik gatnaşyklaryny kesipdi.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: bäşinji günüň netijeleri
Ysraýyl Liwanyň günortasyna hüjüm edýär
Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"
Muammer Şahin Altyn Medal Aldy
Ysraýylly esgerler Günbatar Şeriada 1 palestinalyny öldürdi