Wepa Jumaýew ilkinji gezek Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysyna çagyryldy

Wepa Jumaýew ilkinji gezek Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysyna çagyryldy

Gomeliň Lokomotiw futbol toparynyň ýarym goragçysy Wepa Jumaýew Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysyna çagyryldy. Ol ýygyndy bilen Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşar diýip, Belarus klubynyň resmi saýty habar berýär.

Türkmen futbolçylarynyň Antalýadaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 17-nji maýda başlandy.

21 ýaşly futbolçy karýerasynda ilkinji gezek ýaşlar ýygyndymyza çagyrylýar. Wepa Jumaýew mundan ozal Aşgabadyň Köpetdagynda we Rogaçýow şäheriniň Dneprinde futbol oýnapdy. Ol häzirki wagtda Gomel döwlet tehniki uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Wepa Jumaýew Energetik-BGU-nyň düzümine goşuldy
Türkmenistan Hazar deňzi boýunça syýahatçylyk gezelençlerini döretmegi teklip edýär, Türkmenhowaýollary agentliginiň mekdebinde hünärmenleriň gutardyş dabarasy geçirildi we beýleki habarlar
“Spartagyň” ozalky tälimçisi aradan çykdy
Gomeliň Lokomotiwi türkmenistanly ýarym goragçy Wepa Jumaýewiň şertnamasyny uzaltdy
Wepa Jumaýew Lokomotiwde Belarusyň birinji ligasyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi
Wepa Jumaýew Gomeliň Lokomotiwiniň düzüminde Dinamo bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdy