“West Ham” “Borussiýanyň” hüjümçisini transfer etdi

Londonyň “West Ham” topary Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” klubunyň hüjümçisi Niklas Füllkrugy düzümine goşdy. Iňlis topary 31 ýaşyndaky germaniýaly hüjümçiniň transferi üçin dortmundlylara 26+4 million ýewro berer. Şertnamanyň möhleti 3+1 ýyllyk bolup, oýunçy klubdan ýylda 3 million ýewro hak alar. Füllkrug geçen möwsümde “Bundesligada” 29 oýunda 12 gol geçirdi.

Füllkrug “Borussiýa Dortmunddan” öň “Werder”, “Hannower”, “Nürnberg”, “Groýter Fürt” ýaly klublaryň köýnekçesini geýdi. Ol 2011-nji ýylda “Werder” toparyna professional futbola başlapdy. Seru Girassiniň transfer edilmeginden soň Füllkrug “Borussiýa Dortmund” toparyndan gitmek isleýändigini aýdypdy we onuň birnäçe klub gyzyklanypdy. Ol ahyrynda-da “West Ham” topary bilen ylalaşdy.

Ýene degişli makalalar

“Barselonadan” utulanynyň ahmyryny “Bohumdan” çykardy
Geçen möwsümiň tersine
“Bawariýany” durzup bolanok, 15 oýundan bäri ýeňiş gazanyp gelýär
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Ýene bir ýeňiş Baýeri Bundesliganyň çempionyna öwrer
Ýeňlişsiz diňe “Bawariýa” galdy