Wise-premýer Batyr Ereşow öz janyna kast etdi

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Ereşow 3-nji maýda 52 ýaşynyň içinde Aşgabatda aradan çykdy.

Wise-premýeriň ölüminiň sebäbi onuň öz janyna kast etmegi boldy. “Türkmenistanyň Hronikasynyň” çeşmeleriniň habar bermeklerine görä, Ereşow özüni asyp öldüripdir.

Batyr Ereşow senagata gözegçilik edýärdi. Onuň Türkmenistanda ýaýbaňlanan korrupsiýa garşy kampaniýanyň figurantlarynyň biri bolup biljegi çak edilýär. Onuň ogly aprel aýynyň aýagynda tussag edildi.

Biziň maglumatlarymyza görä, Batyr Ereşow Özbegistanyň Buhara welaýatynda ata-babalarynyň jaýlanan gonamçylygynda jaýlandy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň sement kyssasy 'özüňi aldamagyň özboluşly nusgasyna' öwrülýär
Türkmenistanyň prezidenti regionlar we Aşgabat boýunça jogapkärleri belledi
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Ereşow aradan çykdy
Senagat boýunça wagtlaýyn wise-premýer bellenildi
Ozalky wise-premýeriň janyna kast edendigi aýdylýar