Wladimir Putin öz ýurdy bilen NATO-nyň arasynda çaknyşygyň bolup biljekdigini aýtdy

Wladimir Putin öz ýurdy bilen NATO-nyň arasynda çaknyşygyň bolup biljekdigini aýtdy

Wladimir Putin Prezident saýlawynyň tamamlanmagyndan soň, saýlaw merkezinden halka ýüzlenip çykyş etdi, metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Fransiýa Ukrainada çaknyşyklary agyrlaşdyrmagy däl, eýsem parahatçylykly çözgüde goşant goşmak barada maslahat beren Putin, Ukrainada NATO-nyň esgerleriniň bardygyny aýdýandyklaryna ünsleri çekdi.

Russiýa bilen NATO-nyň arasynda çaknyşyklaryň bolup-bolmajakdygy bilen bagly soraga jogap beren Putin: "Döwrebap dünýäde ähli zat mümkin. Bu çaknyşyk giň göwrümli III Jahan urşunyň bir ädim golaýynda bolmagyna sebäp bolar, emma hiç kimiň bu mesele bilen gyzyklanýandygyny pikir etmeýärin" diýip belledi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň 2024 Pariž Olimpiýa oýunlary döwründe Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda ýaraşyk teklibinden habarynyň bolmandygyny aýdan Putin, Russiýanyň islendik şertde öz bähbitlerine we çaknyşyk zolagyndaky ýagdaýa görä hereket etjekdigini beýan etdi.

Putin: "Biz parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilmeginiň tarapdarydyrys, emma duşmanyň ok-därisi gutarandygy üçin däl, eger hakykatdan hem çynlakaý çemeleşseler, uzak möhletde parahatçylygy ýola goýmak isleýän bolsalar, parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilmeginiň tarapdarydyrys. Täzeden ýaraglanmak üçin 1,5-2 ýyl arakesme berilsin diýip däl" diýip aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Finlýandiýa Ukraina esger iberip biler
Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar
Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherine hüjüm gurady
Hakan Fidan Belgiýa gitdi
NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan NATO-nyň Maslahatyna Gatnaşar