Wladimir Putin Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisini Şöhrat ordeni bilen sylaglady

Wladimir Putin Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisini Şöhrat ordeni bilen sylaglady

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkini Şöhrat ordeni bilen sylaglamak hakyndaky karara gol çekdi. Degişli resminama Russiýa Federasiýasynyň hukuk namalarynyň resmi portalynda ýerleşdirildi.

Resminamada diplomatyň Russiýa Federasiýasynyň diplomatik gullugynyň düzüminde ýurduň daşary syýasatyny durmuşa geçirmäge köp ýyllyk we saldamly goşant goşandygy üçin sylaglanandygy bellenilýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, Iwan Kirillowiç Wolynkin 2023-nji ýylyň aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Aşgabatdaky tapgyrlary tamamlandy
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda Senagatbank öňde barýar
Turkmenportalda PRO100 TECH tehno synynyň ilkinji sany ýerleşdirildi
19-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
ABŞ-nyň Razwedka Gullugy Russiýa-Ukraina Söweşinde Möhüm Pozisiýa Eýeledi
Serdar Berdimuhamedowa Patriarh Kirillden gutlag haty geldi