Wodorod ýangyçly motor öndürer

“Airbus” kompaniýasy has arassa ýangyçly uçar tehnologiýasyny işläp taýýarlaýar.Kompaniýanyň wekilleri wodorod ýangyjy bilen işleýän uçar hereketlendirijisini işläp taýýarlaýandyklaryny mälim etdi.Mundan ozal “Rolls-Royce” we “Easyjet” kompaniýalary dünýäniň ilkinji wodorod ýangyçy uçar motoryny öndürendiklerini mälim edipdi. Ýewropanyň “Airbus” kompaniýasy bolsa, 2035-nji ýyla çenli howany hiç hili hapalamaýan uçar öndürmegi maksat edinýär.

Bu uçaryň motorlary wodorody gönüden-göni ýakman, bu ýangyçdan elektrik energiýasyny öndürer.Elektrik energiýasy bolsa, uçaryň perlerini aýlar.Ilkinji nobatda, 100 orunlyk, 2 müň kilometr ýol geçip bilýän howa gämileri öndüriler. “Airbus” kompaniýasy şeýle howa gämisini “A380 MSN1” uçarynyň bazasynda işläp taýýarlar.

Zaman Kulyýew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Lagerfeldiň pişigi onuň wesýet eden mirasyny almady
Türkmenistan: Daşary ýurt etiniň ýeke-täk üpjünjisi Maşgalanyň ýakyn dosty
23.01.2018 | Türkmenistan — Beýik Britaniýa: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri
Türkmenistan — Beýik Britaniýa: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri
Uçýan taksi taslamalary