Wodorod ýangyçly welosiped

Fransiýanyň “Pragma Industries” kompaniýasy wodorod ýangyjy bilen işleýän welosipedi tanyşdyrdylar.Iki tigirli ulag bi gezeki ýangyç bilen doldurylanda 150 kilometr ýol geçip bilýär.alternatiw ýangyç tehnologiýalaryny işläp taýýarlaýan kompaniýanyň öndüren welosipedi 2 minutda ýangyç bilen doldurylýar. “Alpha Neo” atly welosipedi 25 km/sagat tizlige çenli pedalyny aýlamak arkaly sürüp bolýar.

berilýän maglumata görä, ulag 15 ýyllap sürüp bolar.Yz tarapynda ýük goýmak üçin ýeriň hem göz öňünde tutulan welosipediniň agramy 30 kilogram.Kompaniýa bahasy 5 müň 700 ýewro bolan ulag üçin sargyt edip başlady.

Geljek ýyl bu ulagdan 200 sanysy öndüriler.Soňky ýyllarda önümçiligiň möçberi 800-e ýetiriler.Beýleki wodorod ýangyçly ulaglaryň köpüsinde bolşy ýaly, bu ulagda hem wodorod gönüden göni ýangyç hökmünde däl-de, ondan elektrik energiýasy öndürilýär, şol energiýa bilen hem welosipediň motory herekete getirilýär.

Gyzylgül Annaýarowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Ýene degişli makalalar

Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi
Iň girdejili kompaniýalar
Microsoft kompaniýasy Google bilen bäsleşmek üçin ykjam goşundy döretmekçi
“Waymo” täze sürüjisiz taksisini tanyşdyrdy
Berkshire Hathaway bazar bahasy boýunça Tesladan öňe geçip biler
LG diagonaly üç metrden geçýän telewizor öndürdi