Wodorod ýangyjy bilen işleýän uçar motory

“Rolls Royce” kompaniýasynyň inženerleri dünýäde ilkinji bolup uçar motoryny wodorod ýangyjy bilen işletmegi başardylar.Bu synagyň awiasiýa pudagy üçin örän ähmiýetlidigi bellenilýär.Sebäbi, howa gämileriň gury ýerde ýöreýän beýleki ulag serişdelerine garanyňda daşky gurşawa has köp zyýanlydygy bellenilýär.

Uçar hereketlendirijilerini öndürmekde öňdebaryjy kompaniýa bu synagyny “AE 2100-A” atly uçar motorynda amala aşyrypdyr. “Easyjet” awiakompaniýasy bilen bilelikde alnyp barylýan bu synagda wodorod ýangyçly motor adaty uçara oturdylyp, ýerdäki we howadaky synaglar bilen dowam etdiriler.

Arassa ýangyçly uçarlary işläp taýýarlamakda “Airbus” kompaniýasy hem iş alyp barýar. Ýewropanyň uçar öndürijisi 2035-nji ýyla çenli şeýle ýolagçy uçaryny taýýar etmegi maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines howa flotunyň gerimini giňeldýär
Has uzak aralyga uçar
“Ecstasy Spirit” 110 ýaşady
Zenan žurnalistler ýylyň iň gowy awtomobillerini saýladylar
Türkmenistan — Beýik Britaniýa: uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga tarap ugur
25.04.2019 | Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mejlisi