Wýetnama gaz iberer

Indoneziýa Günorta Hytaý deňzindäki Tuna tebigy gaz ýatagyndan çykarylan gazy goňşy Wýetnama iberer. Munuň üçin 3 milliard dollardan gowrak maýa goýum özleşdiriler. Taslamanyň 2027-nji ýylda durmuşa geçirilmegine garaşylýar. Bu taslamany ýurduň nebit we gaz bazaryna gözegçilik edýän “SKK Migas” edarasy tassyklady.

Gaz käni merkezi edarasy Londonda ýerleşýän “Harbor Energy” kompaniýasynyň Indoneziýadaky hyzmatdaş kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylar.

Iki ýurduň arasyndaky deňiz serhedine golaý ýerde ýerleşýän Tuna gaz käniniň üsti 2014-nji ýylda açylypdy. Bu ýerde 100 million barrel nebite deňeçer gaz gory bolup, gaz geçirijler arkaly Wýetnama iberiler.

Ýene degişli makalalar

Iň köp tüwi sarp edýän ýurtlar
“Arkadag” topary “Al-Nassr” topary bilen bije çekişdi
Arkadag topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän Al-Nasr topary bilen duşuşar
Global ylmy çykdajylaryň 20 ýyllyk ösüşi
Türkmen tennisçileri Bahreýnde geçirilen ATF-niň halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler
Türkiye Wýetnama gynanç bildirdi