Xiaomi ýedi sany meşhur modelini könelişen diýip yglan etdi

Xiaomi ýedi sany meşhur modelini könelişen diýip yglan etdi

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy Xiaomi we Redmi brendleriniň ýedi smartfonyny könelişen yglan etdi diýip, Gizchina portaly habar berýär. Gurluşlar 2022-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap resmi goldawdan we hyzmatdan kesildiler.

Könelişen smartfonlaryň sanawyna Xiaomi Mi Max 3, Mi Mix 3, Xiaomi Mi 8, Mi 8 Discovery Edition, Mi Play, şeýle hem Redmi S2 we Redmi 6 Pro düşdi.Kompaniýa bu gurluşlaryň önümçiliginiň togtadylandygyny, öndürijiniň mundan bu ýana olaryň satuwdan soňky hyzmaty üçin ätiýaçlyk şaýlaryny goýbermejekdigini mälim etdi. Şeýlelikde, Xiaomi-niň resmi hyzmat merkezleri indi agzalan modelleriň eýelerine kepillik we satuwdan soňky hyzmaty hödürläp bilmezler.

Sanawa düşen smartfonlaryň aglabasy 2018-nji ýylyňky we goldawyň doly bes edilen pursadyna çenli olaryň çykanyna azyndan bäş ýyl bolan.Mysal üçin, Xiaomi Mi 8 2018-nji ýylda kompaniýanyň öňdebaryjy modeli bolupdy.

Smartfon "gutusyndan" Android 8,1-iň dolandyrmagynda şereketiň MIUI proşiwkasyny alypdy.

Ýene degişli makalalar

Apple iPhone 14 smartfonyny çykardy
Apple satuwlar boýunça ilkinji gezek Samsungdan öňe geçdi
Uklamazdan öň telefon ulanmagyň zyýanlydygy baradaky pikir ýalana çykaryldy
Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar
Türkmenistanyň we Tatarstanyň döwlet Baştutanlary Budapeştde duşuşyk geçirdiler, Türkmenfilm Astrahanda Magtymguly Pyragy barada dokumental filmi üçin sýužet taýýarlar, Türkmenistanly göreşçiler halkara ýaryşynda üç medal gazandylar we beýleki habarlar
Telefonyň gyzmazlygy üçin…
Telefony aşa gyzmakdan goramak üçin näme etmeli?