XVI asyrda çekilen suratda dinozawrlaryň şekillerini tapdylar

XVI asyrda çekilen suratda dinozawrlaryň şekillerini tapdylar

Sungaty öwrenijiler Galkynyş döwrüniň flamand suratkeşi Piter Breýgeliň Ulusynyň Saulyň janyna kast etmegi diýen nakgaşlyk işindäki geň jandarlary öwrendiler.

Öň internetden peýdalanyjylar 1562-nji ýylda çekilen bu suratda dinozawrlaryň bardygyny ýazypdylar.

Eserde yzky planda uzyn boýunly, daýaw haýwanlary münüp çapyp barýan adamlar şekillendirilipdir. Olar dinozawrlary ýatlatman hem duranok.

Emma resmi ylym dinozawrlary 300 ýyl soň beýan edipdi. Breýgeliň döwründe hiç kim olar barada bilmeýärdi.

Alymlar bu syryň sebäbiniň ýönekeýdigini aýdýarlar, ýagny olar suratkeşiň düýeleri şekillendirmek isländigini nygtaýarlar. Emma nakgaş hiç wagt düýeleri görmänsoň, olar eserde düýbünden başgaça görkezilipdir. Düýeler, hakykatdanam, Injilde Saul patyşanyň taryhynda ýatlanylýar diýip, IFL Science neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Moldowanyň Parlamentinde Gagauz hat ýazuwyna we diline bagyşlanan sergi açyldy
Çekirtgeler dünýäniň azyk howpsuzlygyna howp salyp biler
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň adam hukuklary boýunça sebit wekili bilen duşuşdy, Aşgabatda Eksporty dolandyrmak atly tölegsiz okuw maksatnamasyna ýazylyşyk açyldy, Türkmenistanda Spelling bee bäsleşiginiň milli tapgyry geçirildi
Türk alymlary Nuhuň gämisini öwrenýärler
Boris Jonson parlamenti aldandygyny boýun aldy
Kononenko 15-nji sentýabrda kosmosa çykar, Türkmen-Eýran serhedindäki Bajgiran goýberiş nokadynda awtoulaglaryň hereketi gaýtadan dikeldildi, Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi we beýleki habarlar