Ýakutlaryň aýazly howadaky tansy sosial ulgamlary haýran galdyrdy

Ýakutlaryň aýazly howadaky tansy sosial ulgamlary haýran galdyrdy

Ýakudystanda rekord derejedäki aýazly howa höküm sürýär, emma 56 gradus sowuk howa garamazdan, ýerli tans toparlarynyň biriniň artistleri sosial ulgamlardan peýdalanyjylary bendi etdi. Toparyň tansçy zenanlary şeýle ýowuz aýazly howadan gorkman, joşgunly tansy ýerine ýetirdiler.

Ýeri gelende aýtsak, Ýakudystanyň dag etraplarynyň birinde 65 gradus sowuk howa hasaba alyndy. Häzir sebitiň tutuş çäginde aýazlar 55 derejä ýetdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Ýollarda bir ädim öňüňi görmek kyn bolansoň, ýol-ulag heläkçilikleri döreýär, birbada 10 awtoulagyň çaknyşygynyň hasaba alnan halaty hem bar.

Sowuk! Gaty güýçli duman. Biz ulagymyzy öňümizi görmesegem sürüberdik, Gaty gowy duýgy. Biz ýyly geýindik, alada edere sebäp ýok. Gün barybir uzaýar. Bahara golaýlaýarys, bu duýulýar diýip, Ýakudystanyň ýaşaýjylary aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan-Garagum geçelgesi atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikleri
Russiýada Ýük Uçary Heläkçilige Uçrady
Russiýada Bütindünýä mamont merkezi döredilip bilner
Daşary ýurt metbugatyna syn
Putin Ýakutiýada Dowam Edýän Ýangynlar Boýunça Görkezme Berdi
Russiýa Tokaý Ýangynlaryna Garşy Göreşýär