Ýanwar — aprel aýlarynda buýan köküniň 1 müň 62 tonnasy öndürildi

Ýanwar — aprel aýlarynda buýan köküniň 1 müň 62 tonnasy öndürildi

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky Buýan obasenagat toplumynda buýan köküni we onuň ekstraktyny öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Toplumda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Bu barada Lebap welaýat neşirinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu döwürde buýan köküniň 1 müň 62 tonnasy, ýagny, 2 million 612 müň 62 manatlygy, buýan köküniň ekstraktynyň bolsa 481 tonnasy öndürildi.

Degişli döwürde 8 million 4 müň 250 manatlyk iş edildi. Şeýle-de geçen dört aýda buýan köküniň 1 müň 936 tonnasy, ekstraktynyň hem 210 tonnasy eksport edildi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

BUÝAN KÖKÜNDEN TÄZE DERMAN
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýda möhüm ähmiýetli waka gatnaşdy
Buýan oba senagat toplumynda buýan köküniň ekstraktynyň 944 tonnasy eksporta ugradyldy
MÖWSÜMLEÝIN KESELLERDEN GORANYŇ!
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Buýan obasenagat toplumynyň glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasy gurlar