Ýaponiýanyň öňki Premýer-ministri Sindzo Abe ýurduň Nara prefekturasyndaky keselhanada aradan çykdy. Ol çykyş edip duran mahaly ýüze çykan pajygaly wakalardan soň dessine keselhana eltilse-de, ony halas etmek başartmady. Ol 67 ýaşynyň içindedi. Bu barada Ýaponiýanyň jemgyýetçilik telewideniýesi habar berdi.
Abe 2006-2007-nji ýyllar we 2012-2020-nji ýyllar aralygynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri bolup işledi. Ol bu wezipede ikinji möhletde işleýärkä saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden çekilipdi.
Ol Ýaponiýanyň Ikinji jahan urşundan soňky taryhynda 3,188 gün Ministrler Kabinetine ýolbaşçylyk edip, özünden öňkülere garanyňda, bu wezipede iň uzak wagt işlän syýasatçydyr. Onuň ýerine Fumio Kisida gelipdi.
Şinzo Abe 1954-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Tokioda doguldy.Kakasy Sintaro Abe 1982-1986-njy ýyllar aralygynda daşary işler ministri bolup işledi. 1977-nji ýylda Sindzo Abe Tokiodaky Seýkeý uniwersitetini hukuk fakultetini tamamlady. 1978-1979-njy ýyllarda Günorta Kaliforniýa uniwersitetiniň (ABŞ) ýanyndaky döwlet syýasaty ýokary okuw jaýynda okady. Ýaponiýa gaýdyp geleninden soň, polat guýýan “Kobe Steel” kompaniýasynda üç ýyl işledi.
Soňra 1982-nji ýylyň noýabr aýynda Daşary işler ministriniň kömekçisi wezipesini geçip, döwlet gullugyna girdi (şol wagt kakasy daşary syýasat edarasyna ýolbaşçylyk edýärdi).