Ýaponiýanyň öňki şa gyzy Mako ýurdy terk etdi

Ýaponiýanyň öňki şa gyzy Mako ýurdy terk etdi

Ýaponiýanyň öňki şa gyzy, oktýabrda adaty ýapon raýaty Keý Komuro durmuşa çykan Mako ýurdy terk edip, ABŞ-a bardy. Ol durmuşa çykansoň, monarh maşgalasynyň agzasy derejesinden mahrum edildi. Bu barada “Kiodo” habarlar gullugy ýazýar.

Indi ýaş çatynjalar Nýu -Ýorkda ýaşarlar, ol ýerde öňki şa gyzynyň adamsy Komuro işleýär. Mako bu ýerde özi üçin laýyk iş tapmakçy, ol Amerikanyň Tebigatyň taryhy muzeýinde işlemegi meýilleşdirýär.

Ýaponiýada monarhyň maşgala agzalarynyň adaty adamlar bilen nikalaşmagy oňlanyp barylmaýar, eger şeýle ýagdaý döräýse, ol patyşa maşgalasynyň agzasy titulyndan mahrum edilýär. Makonyň hem adaty adama durmuşa çykmagy Tokioda garşylyk çykyşlaryny döredipdi, “Deutsche Welle” gazetiniň ýazmagyna görä, ol paýtagtdaky nägilelik çykyşlaryna, esasan, orta ýaşlylar hem-de köneçil garaýyşly adamlar gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn