Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Süddeutsche Zeitung: Germaniýada Kowid-19-a ýoluganlaryň sany ýaňadandan artmaga başlady. Hünärmenler koronawirusyň 4-nji tolkunynyň başdan geçirilmegine alada bildirýärler.

Deutsche Welle: ABŞ-nyň günbatary aşa yssy howanyň täsiri astynda. Takmynan 10 gün ozal Kanadada we ABŞ-nyň käbir ýerlerinde täsirli bolmaga başlan aşa yssy howa tolkuny, bu gezek bolsa indi ABŞ-nyň günbatar ştatlarynda 54 gradusa çenli baryp ýetdi.

Bild.de: Wembleý stadionynda dramatiki final duşuşygy: Angliýa bilen Italiýanyň ýygyndylarynyň arasynda geçen final duşuşygyndan soň, iňlis janköýerler gözýaşlaryny saklap bilmedik bolan bolsalar, italiýan janköýerler ýeňişe şatlandylar.

Al-Watan (Katar): Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy: "Koronawirus pandemiýasyny ýeňmegiň ýeke-täk ýoly, sanjymlaryň adalatly ýagdaýda bütin dünýä paýlanmagydyr" diýip belledi.

Al-Zeman (Yrak): Koronawirusa ýolugýan adamlaryň sanynyň artmagyna garamazdan Yrakda Gurban baýramy günlerinde köçä çykmak gadagançylygy girizilmez.

Al-Watan (Oman): Müsür, ýurdyň ozalky Döwlet baştutany Enwer Sedatyň 9-njy iýulda aradan çykan aýaly Jihan Sedaty harby çäre bilen jaýlaýar.

Lenta.ru: Germaniýa üçin alternatiwa partiýasynyň egindeş baştutany Tino Çrupalla, Germaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykyp, Russiýanyň bir bölegi boljak täze bir Ýewropa meýdanynyň ýola goýulmagynyň gerekdigini pikir edýär.

TASS: Moldowada düýn geçirilen Prezident saýlawynda deslapky görkezijilere görä ýurdyň häzirki Döwlet baştutany Maia Sandunyň ýolbaşçylygyndaky "Hereket we raýdaşlyk partiýasy" sesleriň 48 göterimini alyp, öňde barýar.

Izwestiýa: "Demirgazyk Akym-2" taslamasynyň ylmy-derňew bölüminiň başlygy Mattias Warnig, ABŞ-ny "Demirgazyk Akym-2" taslamasy bilen bagly ozal gazanylan ylalaşygy berjaý etmezlik bilen günäkärledi.

La Wanguardia (Ispaniýa): Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes, hökümeti ýaňadandan düzeninden soň PSOE partiýasyna giň gerimli üýtgeşmeler girizmegi meýilleşdirýär.

Infobae (Argentina): Kubanyň hökümeti protestleriň öňüni almak üçin adanyň tapawutly sebitlerinde internedi ýapdy we elektrik toklaryny kesdi.

Prensa Latina (Kuba): Kubanyň Kowid-19 sanjymy bilen bagly Soberana-Pediatría klinikasynda geçirilýän synaglar dowam edýär.

Le Matin (Şweýsariýa): Koronawirus sanjymyny etdirmegi ret edenler, dünýäniň ençeme ýerinde aýlyk-günlüklerinden ýa-da öýjükli telefonlaryndan mahrum galýarlar.

Le Monde: EURO 2020 Futbol çempionatynda, iňlisler bilen oýnan italiýanlar netijeli oýnap, ýeňiş gazandylar.

Liberation: Fransiýanyň Saglygy goraýyş ministri Oliwer Weran, Kowid-19 epidemiýasynda 4-nji tolkuna meňzeş wakanyň başdan geçirilýändigi barada duýduryş berdi.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt metbugatyna syn
Deňagramlyk gözlegleri. Ukrainada iki ýyl dowam eden uruş Merkezi Aziýany nähili özgertdi?
Hytaý bilen Ukrainanyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly gepleşigi
Kuleba Hytaýdan Töwellaçy Bolmagyny Isledi
Hytaý: "Russiýa bilen söwda gatnaşyklarymyzy dowam etdireris" diýdi
ABŞ Russiýa Hytaý Bilen Gatnaşyklar Boýunça Duýduryş Berdi