Ýarym finalda “EL-KLASIKO”

Ispaniýanyň Şa kubogy bäsleşiginde çärýek finalyň jogap duşuşyklary oýnaldy. 1-nji oýunda 20 utulan “Barselona” öz meýdançasynda “Sewilýany” 61 hasabynda ýeňmegi başardy.Katalonlaryň pökgülerini Koutinio (13 p, 53), Rakitiç (31), Roberto (54), Suares (89) hem-de Messi (90+2) geçirdi. 1-nji duşuşykda 10 utulan “Walensiýa” “Hetafeni” 31 ýeňip, ýarym finala çykmagy başardy. 1-nji minutda myhmanlar Molina bilen öňe saýlandy. 60 minutdan soň, “Walensiýa” Rodrigonyň goly bilen hasaby deňledi. 90+2-nji we 90+3-nji minutlarda ýene-de Rodrigo 2 gol geçirip, toparyny ýarym finala çykardy. 11 tamamlanan oýnuň jogap duşuşygynda goşmaça wagtdan soň, “Espanýoldan” 31 (Le Selso 76, Leon 95, Mandi 99 — Baptistao 33) üstün çykan “Betis” ýarym finalda çykyş eder.

Madridde 42 ýeňiş gazanan “Real” myhmançylykda-da “Žironany” 31 ýeňmegi başardy.Paýtagtlylaryň gollaryny Benzema (27, 43) bilen Llorente (76) derwezä girizdi. Şeýlelikde, ýarym finalda 6-njy we 27-nji fewralda “Barselona” bilen “Real Madrid”, “Betis” bilenem “Walensiýa” duşuşar.* * *Portugaliýada Liganyň kubogyna Lissabonyň “Sporting” topary mynasyp boldy.

Olar bu ýaryşyň finalynda “Portodan” üstün çykmagy başardy.Oýnuň 79-njy minutynda “Porto” Ardeniň goly bilen öňe saýlandy.Duşuşygyň 90+1-nji minutynda-da VAR-yň kömegi bilen bellenen penaltini Bas Dost dürs urup, hasaby deňledi.

Düzgüne laýyklykda, toparlar goşmaça 30 minut oýnamazdan, penalti urgularyny ýerine ýetirdi.Bu urgularda-da 31 hasabynda üstünlik gazanan “Sporting” bassyr 2-nji sapar kubogy eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Neýmar, Žesus, Winisius Braziliýanyň Katar 2022-däki gutarnykly düzümi mälim edildi
Altyň biri aşaky liga düşer
Žoao Feliks öňki toparyny gynandyrdy
“Real Madrid” ýeňiş bilen başlap bilmedi, “Barselona” ilkinji tapgyrda ýeňiş gazandy
“Leganes” “Barselonany” myhmançylykda ilkinji gezek ýeňdi
Soňky 6 oýunda 2-nji ýeňiş