ÝAZLAR GÜL DIÝARA TOÝ BOLUP GELÝÄR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli Ýazlar gül diýara toý bolup gelýär ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Milli bahar baýramy Garaşsyzlygymyzyň beren ajaýyp miweleriniň biri bolup, onuň kökleri biziň milliligimizden, taryhymyzdan, özboluşly milli mirasymyzdan gözbaş alýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de gözelligiň we joşgunly ýaşaýşyň bu nurana baýramy biziň döwletimizde halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligini rowaçlandyrýan, dünýä derejesinde dostluga we hoşniýetlige çagyrýan halkara baýramlarynyň birine öwrülendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

DOWAMAT-DOWAMDYR ÝOLLARYŇ BEDEW
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP DIÝAR, BEDEW BATLY ÝURDUM ÖŇE BARÝAR
HALKYŇ SAGLYGY ÝURDUŇ BAÝLYGY
TÜRKMEN HALK MATALLARY KITABY ESASYNDA
Aşgabatda baýramçylyk at çapyşygynda çapyksuwar heläk boldy
Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň birinjiliginiň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler